Türkmen-türk gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypa açyldy - Azer HASRET(Gönderen) - TURAN-SAM : TURAN Stratejik Ara?t?rmalar Merkezi - http://www.turansam.org









Türkmen-türk gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypa açyldy - Azer HASRET(Gönderen)
Tarih: 15.11.2010 > Kaç kez okundu? 6591

Paylaş






Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasyndaky gepleşikler



Aşgabat, TDH, 12.11.2010 – Şu gün deňziň ýakasyndaky gözel künjekleriň birinde, Hazaryň kenarynda ýerleşýän kaşaň «Serdar» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we düýn resmi sapar bilen ýurdumyza gelen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Abdulla Gülüň arasynda gepleşikler geçirildi. Ýokary derejedäki nobatdaky duşuşyk türkmen-türk gepleşigine mahsus bolşy ýaly, birek-birege hormat goýmak we özara düşünişmek ruhunda geçirilip iki döwletiň we halklaryň dostlukly we doganlyk gatnaşyklaryna, netijeli hyzmatdaşlyk edilmegine ygrarlydygyny ýene-de bir gezek aýdyň tassyklady, bu hyzmatdaşlyk täze taryhy eýýamda has-da berkedi we batly depginde sazlaşykly ösdürilýär.



Irden Türkiýäniň Prezidentiniň maşyn kerweni «Serdar» myhmanhanasynyň ýanyna geldi. Bu ýerde, merkezi girelgäniň öňünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow türkiýeli kärdeşini tüýs ýürekden mähirli garşylady. Iki döwletiň Liderleri biri-biri bilen doganlarça görşüp, myhmanhana girdiler.



Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşmek dabarasy geçirilenden soňra Türkmenistanyň Baştutany belent mertebeli myhmany «Ojakly zala» barmaga çagyrdy, bu ýerde olaryň ikiçäk gepleşikleri bolup geçdi.



Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkiýeli kärdeşini myhmansöer türkmen topragynda ýene-de bir gezek tüýs ýürekden mübärekläp, Türkiýäniň baştutanynyň Türkmenistana saparyna häzirki wagtda ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýän netijeli döwletara gepleşiginiň taryhynda täze we möhüm ähmiýetli waka hökmünde garalýandygyny aýratyn belledi.



Prezident Abdulla Gül mähirli garşylanandygy we myhmansöerlik üçin hoşallyk bildirip, Türkiýäniň Türkmenistan bilen dostlukly we doganlyk gatnaşyklaryna uly sarpa goýýandygyny, oňa hoşniýetli dosty we ygtybarly hyzmatdaşy hökmünde garaýandygyny hem-de özara peýdaly türkmen-türk hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge çalyşýandygyny belledi.



Gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga degişli meseleleriň uly toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de ozal baglaşylan ylalaşyklary amala aşyrmakda ileri tutulýan ugurlara we hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmak üçin döreýän täze mümkinçiliklere aýratyn üns berdiler. Şeýle hem Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Abdulla Gül sebit we halkara derejesinde özara gyzyklanma bildirilýän möhüm meseleler boýunça pikir alyşdylar.



Soňra gepleşikler «Serdar» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda giňeldilen düzümde, Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň hökümet delegasiýalarynyň agzalarynyň gatnaşmagynda dowam etdirildi.



Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Abdulla Güle Türkmenistana sapara gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp şu ýylyň sentýabrynda Türkiýä sapary mahalynda mähirli kabul edilendigi we myhmansöerlik üçin türkiýeli dostlara we hyzmatdaşlara tüýs ýürekden çykýan minnetdarlyk sözlerini aýtdy, şonda türkmen Lideri türki dilli döwletleriň baştutanlarynyň ýokary derejedäki duşuşygyna gatnaşdy.



Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurduň liderini ýetip gelýän Gurban baýramy bilen gutlap, ähli türk halkyna iň gowy arzuwlaryny aýtdy.



Türkmenistanyň Baştutany şu duşuşygyň türkmen we türk halklarynyň mizemez dostlugyny alamatlandyrmak arkaly uzakmöhletleýin geljek üçin niýetlenen we özara peýdaly gatnaşyklary ösdürmek üçin oňaýly mümkinçiliklere eýe bolan döwletara hyzmatdaşlygynyň binýadynyň has-da pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdi.



Türkmen Lideri sözüni dowam edip, türkmen-türk gepleşigi birek-birege düşünilmegine we ynama esaslanyp, iki döwletiň we tutuş dünýä bileleşiginiň bähbitlerini göz öňünde tutmak arkaly guralýandygyny we onuň halkara we sebit derejesindäki gatnaşyklaryň giňeldilmegi üçin oňaýly şertleri döredýändigini hem-de ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmakda, durnukly ýagdaýda ösüş gazanylmagyny üpjün etmekde uly ähmiýete eýe bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň ýolbaşçylaryna we ilkinji nobatda, bu ýurduň Prezidenti Abdulla Güle Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatynyň we halkara başlangyçlarynyň goldanylýandygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.



Milletiň Lideri türkmen-türk gatnaşyklarynyň geljeginiň örän uludygyny we ony tassyklaýan anyk mysallaryň köpdügini belläp, Türkmenistanda adamlaryň Türkiýe Respublikasynyň we doganlyk türk halkynyň gazanýan her bir üstünligine tüýs ýürekden begenýändigini nygtady.



Türkmen döwletiniň Baştutany Türkmenistanyň we Türkiýäniň sebit we halkara derejesinde möhüm ähmiýete eýe bolan wezipeleriň çözülmegine gös-göni gatnaşýandygyny aýdyp, şol wajyp meseleler boýunça garaýyşlaryň meňzeşdigini ýa-da biri-birine deň gelýändigini belledi. Munuň özi iki döwletiň adamzadyň parahatçylykly we howpsuz ösüşine gönükdirilen has netijeli tagallalary üçin ygtybarly binýat bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.



Türkmen Lideri Türkmenistanyň we Türkiýäniň abraýly halkara guramalarynyň we ilkinji nobatda BMG-niň çäklerinde ýakyndan hyzmatdaşlyk edýändigini belledi. Biziň ýurtlarymyz häzirki döwrüň howplaryna garşy göreşmek, şol sanda köpçülikleýin gyryş ýaraglarynyň ýaýradylmagyna ýol bermezlik, halkara terrorçylygyna, jenaýatçylyga we neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşiň alnyp barylmagy ugrunda aýgytly çäreleriň görülmegini öňe sürüp, şu ugurdaky hyzmatdaşlygy yzygiderli ýagdaýda ösdürýärler. Türkmenistan Türkiýe Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde öňe sürýän başlangyçlaryny elmydama goldaýar, öz gezeginde Türkiýe türkmen tarapynyň halkara başlangyçlaryna netijeli kömek berýär. Şunuň bilen baglylykda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly iki döwletiň milli ýa-da sebitiň bähbitlerine degişli, şeýle hem bütin dünýä derejesinde möhüm ähmiýete eýe bolan meseleleriň çözülmegini öňe sürüp, geljekde-de özara gatnaşyklary ösdürjekdigine ynam bildirdi.



Soňra türkmen Lideri ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlyga degişli meselä ünsi çekip, onuň has netijeli we anyk häsiýete eýe bolýandygyny belledi. Türkmenistan dünýäde dürli ugurly we ýokary öndürijilikli ykdysadyýeti bolan ýurt, şeýle hem söwda-ykdysady taýdan has uly we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde belli bolan Türkiýe bilen özara peýdaly gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýatyn üns berýär.



Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, türkmen-türk söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ylalaşykly ýagdaýda ösdürmek arkaly, açyklyga we täzeçillige mahsus ýörelgeler boýunça guralýan we uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň ediljekdigine bil baglaýandygyny aýtdy. Türkiýäniň kompaniýalary we telekeçileri Türkmenistanyň halk hojalygynyň gurluşyk, energetika, dokma industriýasy we ýeňil senagat, ulag we aragatnaşyk, oba hojalyk toplumy, azyk senagaty ýaly dürli pudaklarynyň ösdürilmegine işeňňir gatnaşýarlar. Döwlet Baştutany nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga degişli meseleler barada aýratyn durup geçip, türkmen tebigy gazynyň Türkiýä ýetirilmegi üçin örän oňaýly mümkinçilikleriň barlygyny hem-de şu ugurda bilelikde anyk işleri geçirmegiň zerurdygyny belledi.



Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň işiniň söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde uly ähmiýete eýe bolup, netijeli hyzmatdaşlyk etmek üçin oňaýly şertleriň döredilmegine ýardam berýändigi barada aýdyp, şu ýylyň awgustynda döredilen Türkmen-türk işewürlik geňeşiniň möhüm orny eýeleýändigini belledi, onuň birinji mejlisi Aşgabatda geçirildi.



Döwlet Baştutany Türkmenistanyň we Türkiýäniň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberleriniň yzygiderli artýandygyny kanagatlanmak bilen belläp, 2009-njy ýylda bu görkeziji ABŞ-niň 2 milliard 275 million dollaryndan gowrak bolan bolsa, şu ýylyň dokuz aýynda bu görkeziji eýýäm 2 milliard 350 million dollara golaýlandygyny nygtady. Türkmen Lideri geljekde-de iki döwletiň arasyndaky eksportyň-importyň möçberlerini artdyrmak, maýa goýumlaryny goýmaga has oňaýly şertleri döretmek üçin ähli zerur çäreleriň görüljekdigini belledi.



2010-njy ýylyň 1-nji oktýabryna çenli Türkmenistanda türk tarapynyň gatnaşmagynda 600-e golaý kompaniýalaryň hasaba alynmagy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üstünlikli alnyp barylýandygyny görkezýän mysallaryň biri bolup durýar. Şu meselä degişli gürrüňi dowam edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki ýurduň telekeçileriniň we kompaniýalarynyň ýokary tehnologiýalary boýunça özara arkalaşykly hereket etmeginiň ýola goýulmalydygyny aýtdy. Döwlet Baştutany şunda bilelikdäki konferensiýalaryň we sergileriň uly ähmiýete eýe boljakdygyny belläp, tejribe alyşmak maksady bilen, 2011-nji ýylda «Awazada» ýokary tehnologiýalar boýunça halkara türkmen-türk maslahatyny geçirmegi teklip etdi.



Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki halkyň taryhy-medeni we ruhy bitewiliginiň doganlyk türkmen-türk gatnaşyklarynyň berk binýady bolup durýandygyny aýtdy. Türkmen Lideri ata-babalarymyzyň gadymyýetden gözbaş alýan wesýetlerini amala aşyrmagyň, milli däplerimizi dowam etdirmegiň we geljekki nesillere ýetirmegiň biziň mukaddes borjumyzdygyny belledi.



Bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk barada aýdylanda bolsa, Türkiýäniň okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmenistanly ýaşlar köpdür. Häzirki wagtda Türkiýe Respublikasynda türkmen talyplarynyň 2260-sy dürli ugurlar boýunça bilim alýar. Şunuň bilen birlikde Türkmenistanda türkmen-türk mekdepleri, şeýle hem Türkmen-türk uniwersiteti işleýär. Şu ulgamda özara gatnaşyklary giňeltmek maksadynda türkmen Lideri Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak teklibini beýan etdi. Döwlet Baştutanymyz ylym ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň möhümdigi barada aýdyp, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyna Türkiýäniň Bilim ministrligi bilen bilelikde 2011-2013-nji ýyllar üçin ylym we innowasion ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň maksatnamasynyň we ileri tutulýan ylmy-tehniki taslamalaryň Sanawyny bilelikde işläp taýýarlamagy teklip etdi.



Türkmen we türk halklarynyň taryhy we arheologiki mirasyny saklap galmak ulgamynda, şeýle hem medeniýet we sungat babatda özara gatnaşyklary ösdürmek hem möhümdir. Şunuň bilen baglylykda däbe öwrülen çäreler bilen birlikde hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny gözlemek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we ilki bilen 2011-nji ýylda türkmen-türk kinofestiwalyny guramagy teklip etdi.



Döwlet Baştutanymyz çykyşyny tamamlap, şu duşuşygyň we gepleşikleriň türkmen-türk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmegiň ýolunda möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.



Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine söz berilýär.



Myhmansöerlik, saparyň ýokary guramaçylygy we bilelikdäki netijeli işler üçin döredilen oňaýly şertler üçin Türkiýäniň lideri Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirip, türkmen döwletiniň Baştutany bilen bolan duşuşyga ýokary baha berdi we onuň netijeli bolandygyny belledi.



Türkiýäniň Prezidenti türkmen topragy biziň pederlerimiziň topragydyr diýip bellemek bilen, täze eýýamda döwletara gatnaşyklarynyň ygtybarly binýady türkmen we türk halklaryny birleşdirýän taryhyň, ruhy kökleriň we medeni däpleriň umumylygyny alamatlandyrýar diýip nygtady.



Abdulla Gül iki ýurduň arasyndaky dostluk we doganlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirip, Türkiýäniň Türkmenistan bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge taýýardygyny aýtdy.



Ýokary derejedäki türkmen-türk gepleşikleriniň we duşuşyklarynyň yzygiderli häsiýete eýedigini belläp, Türkiýäniň Prezidenti şeýle duşuşyklar anyk netijeleri berýär diýdi we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň sentýabrynda Stambulda geçirilen türki dilli ýurtlaryň döwlet baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşandygyny belledi.



Türkiýäniň Prezidenti Abdulla Gül «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ikinji gezek bolýandygyny bellemek bilen, täze döreýän şypahana we syýahatçylyk zolagy hakyndaky täsirlerini aýtdy we şu döwrüň içinde bu künjegiň tanalmaz derejede özgerendigini hem-de ägirt uly geljegi bolan oňaýly deňiz şypahanasynyň häzirki zaman keşbe girýändigini nygtady. Bu ýerde ýerine ýetirilýän işler bizi örän begendirýär diýip bellemek bilen, Abdulla Gül Türkiýäniň türkmen halkynyň ähli gazananlaryna buýsanç duýgulary bilen garaýandygyny aýtdy. Şunda Prezident Abdulla Gül türk hyzmatdaşlarynyň Türkmenistana özleriniň syýahatçylyk ulgamyndaky, şeýle hem hyzmatdaşlygyň beýleki ugurlaryndaky tejribesini we bilimini hödürlemäge taýýardygyny tassyklady.



Pursatdan peýdalanyp, dostlukly ýurduň lideri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ýetip gelýän Gurban baýramy bilen gutlap, türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny aýtdy.



Prezident Abdulla Gül Türkmenistanda köpden bäri işleýän türk işewürlerine berýän goldawy üçin türkmen kärdeşine tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkiýäniň işewür toparlarynyň dürli pudaklardaky özara peýdaly hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady.



Türkiýe Respublikasynyň baştutany ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň sazlaşykly ösüşini belläp, soňky ýyllarda emele gelen iki döwletleriň arasyndaky haryt dolanyşygynyň oňyn ösüşini aýtdy.



Prezident Abdulla Gül ulag-aragatnaşyk pudagy ýaly möhüm ugurdaky hyzmatdaşlygyň meselelerine degip geçmek bilen, türkmen Lideriniň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän Demirgazyk-Günorta halkara demir ýol geçelgesiniň gurluşygynyň taslamasynyň örän uly geljeginiň bardygyny aýtdy we bu taslama Aziýa bilen Ýewropa ýurtlaryny birikdirýän oňaýly we ykdysady taýdan amatly ugry açar we netijeli hyzmatdaşlyk üçin göwnejaý mümkinçilikleriň döremegini üpjün eder diýip belledi. Şunlukda mertebeli myhman gadymy döwürlerde Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm böleginiň geçýän ýerinde, geografiki taýdan amatly, Türkmenistanyň sebitleýin we halkara ähmiýetli ulag – üstaşyr çatrygyň merkezinde ýerleşýändigini belledi.



Türkmenistanyň ägirt uly ykdysady mümkinçilikleri, baý tebigy serişdeleri barada aýtmak bilen, Prezident Abdulla Gül türkmen döwleti «mawy ýangyjyň» ägirt uly gorlaryna eýe bolmak bilen ol dünýäniň iň iri energetika ýurdudyr, bu bolsa türkmenistanlylaryň köp nesillerine ýeter diýip belledi. Dostlukly döwletiň baştutany bu meseläni dowam etmek bilen, türk tarapynyň ýangyç-energetika sektoryndaky hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy we bu ugurda bilelikdäki işi işjeňleşdirmegiň möhümdigini nygtady.



Şeýle hem Prezident Abdulla Gül bilim, ylym we medeniýet ulgamlaryndaky däp bolan gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygyny belledi we Türkmenistanyň Prezidentiniň türkmen-türk kinofesitwalyny geçirmek baradaky başlangyjyny oňlaýandygyny aýdyp, medeniýet pudagyndaky bilelikdäki iri maksatnamalary işläp taýýarlamak boýunça çäreleri durmuşa geçirmegiň göwnejaý boljakdygy barada aýtdy.



Soňra türk lideriniň belleýşi ýaly, 2011-nji ýylda Türkmenistan özüniň şanly senesini-döwlet Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyny baýram eder. Biz doganlyk türkmen halkynyň üstünliklerine we gazananlaryna begenýäris hem-de bu şanly waka bagyşlanan dabaralara höwes bilen gatnaşarys diýip, Prezident Abdulla Gül aýtdy. Şunda türk tarapynyň türkmen-türk hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça başlangyçlarynyň ählisini, şeýle hem türkmen Lideriniň öňe süren halkara başlangyçlaryny goldaýandygy nygtaldy.



Türkiýäniň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini özüne amatly wagtda Türkiýä sapar bilen gelip görmäge çagyrdy.



Türkiýäniň lideri sözüniň ahyrynda däp bolan dostlukly we netijeli türkmen-türk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi.



Giňişleýin düzümde gepleşikler tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.



Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkiýäniň Ylymlar akademiýasynyň arasynda Hyzmatdaşlyk hakyndaky ylalaşyga hem-de Türkmenistanyň Hökümetiniň we Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky ylalaşyga gol çekilýär.



Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Abdulla Gül Bilelikdäki maglumata gol çekýärler.



Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, iki döwletiň Baştutanlary habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde çykyş etdiler.



Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Abdulla Güli we doganlyk döwletiň resmi wekiliýetiniň düzüminde biziň ýurdumyza gelen türkiýeli dostlarymyzy Türkmenistanda garşylamaga şatdyrys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.



Bu saparyň dowamynda geçirilen gepleşikler we gazanylan ylalaşyklar iki doganlyk döwletiň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejede we netijeli alnyp barylýandygyna ýene-de bir gezek şaýatlyk edýär diýip, türkmen Lideri aýtdy. Biz iki tarap üçin hem bähbitli bolan hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşdyk we bu gatnaşyklaryň soňky döwürlerde aýratyn many-mazmuna eýe bolýandygyny kanagatlanmak bilen belledik diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.



Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutanymyz halkara syýasatynyň we sebitdäki gatnaşyklaryň iki tarapy hem gyzyklandyrýan meseleleri barada, aýratyn-da, dünýäde parahatçylygy hem-de ählumumy howpsuzlygy üpjün etmekde, häzirki zamanyň howplaryna garşy tagallalary birleşdirmekde garaýyşlaryň gabat gelýändigini ýene-de bir gezek nygtady.



Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň konstruktiw gatnaşyklary iki ýurduň arasynda-da, sebit derejesinde hem, abraýly halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde dowam etdirjekdigini aýdyp, Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny doganlyk Türkiýäniň elmydama uly işjeňlik bilen goldaýandygyny aýratyn belledi. Döwlet Baştutanymyz türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň birek-birege bähbitlidigini belläp, häzirki zaman dünýäsiniň maksatlaryna hem laýyk gelýändigini nygtady we Prezident Abdulla Gül bilen ýokary derejedäki syýasy gatnaşyklary yzygiderli ösdürmek barada ylalaşylandygyny hem-de iki doganlyk ýurduň hyzmatdaşlyk etmek üçin zerur bolan oňaýly şertleri has-da giňeltmek barada karara gelnendigini aýtdy.



Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu günki duşuşygyň we geçirilen gepleşikleriň türkmen-türk dost-doganlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösmegine ýardam etjekdigine ynam bildirip, Türkiýe biziň ýurdumyzyň esasy, strategiki ähmiýetli söwda-ykdysady hyzmatdaşlaryň biridir diýip nygtady. Milletiň Lideri biziň ýurtlarymyzyň arasynda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda, hususan-da, gurluşyk, energetika, senagat, ulag we aragatnaşyk pudaklary, şeýle hem däp bolan beýleki ugurlar boýunça ýokary depginler bilen ösýän netijeli hyzmatdaşlygyň amala aşyrylýandygyny aýratyn nygtady. Geçirilen gepleşikleriň dowamynda ykdysadyýetiň ösen, ýokary tehnologiýaly pudaklary boýunça bilelikdäki, uzakmöhletli taslamalary amala aşyrmakda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek barada hem pikir alşyldy.



Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Türkiýäniň köp asyrlyk taryhy-medeni umumylyklaryň, doganlyk gatnaşyklaryň baý däpleriniň bardygyny aýdyp, şol däpleri gözümiziň göreji ýaly goramak, aýawly saklamak hem-de geljekki nesillere ýetirmek biziň mukaddes borjumyzdyr diýip nygtady. Şunuň bilen baglylykda gepleşikleriň barşynda bu ugurdaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek we onuň täze ugurlaryny ösdürmek boýunça-da pikir alşyldy.



Halkara derejesinde bilelikdäki dürli çäreleri guramak, döredijilik maslahatlaryny geçirmek iki doganlyk halkyň medeni-ruhy taýdan mundan beýläk-de özara baýlaşmagyna we ýakynlaşmagyna giň mümkinçilikleri açar diýip, türkmen Lideri aýtdy. «Men geçiren ýokary derejedäki duşuşyklarymyzda öňde goýan maksatlarymyza ýetdik diýip pikir edýärin» diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we munuň üçin özüniň türkiýeli kärdeşine ýene-de bir gezek tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi, şeýle hem doganlyk türk halkyna parahatçylyk, bagtyýarlyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.



Soňra Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti metbugatyň wekillerine ýüzlendi. Türk lideri özara düşünişmek ýagdaýynda geçirilen gepleşikleriň netijeleri barada aýdyp, biziň ýurtlarymyzyň halklary Türkmenistanyň we Türkiýäniň arasyndaky dostluk hem-de doganlyk gatnaşyklarynyň ýokary derejesine guwanýarlar diýip belledi.



Hazar deňziniň tebigy durkuny saklan gözel kenarynda gurulýan «Awaza» ikinji gezek gelýändigini, bu ýerdäki düýpli özgerişlere, amala aşyrylan beýik işlere haýran galýandygyny hem-de örän guwanýandygyny belledi. Bu ýere iki ýyl mundan öň gelende türkmen Lideriniň öz maksatnamasyny beýan edendigini we taryh üçin şeýle gysga möhletde eýýäm ol maksatnamanyň üstünlikli amala aşyrylandygyny aýtdy we Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda şeýle uly işleriň bitirilýändigini nygtady. Türkiýäniň Prezidenti Abdulla Gül öz ildeşleriniň «Awaza» syýahatçylyk-şypahana mekanynda gurluşyk işlerini amala aşyrmakda hyzmatdaşlyk edendiklerine guwanýandygyny belläp, geljekde türk işewürleriniň diňe bir gurluşykda, önümçilikde däl, eýsem beýleki ugurlarda-da türkmen doganlary bilen ýakyndan hem işjeň hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny mälim etdi.



Türkiýäniň Prezidentiniň belleýşi ýaly, şu gepleşikleriň çäklerinde taraplar bilelikdäki işiň netijelerini we özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegini, şol sanda senagat, gurluşyk, şeýle hem söwda we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar we bu ugurda gatnaşyklary dowam etdirmegiň möhümdigini bellediler.



Umumy taryhy-medeni gymmatlyklara esaslanýan gumanitar ulgamyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak gepleşikleriň möhüm temasy boldy diýip, türk lideri Abdulla Gül nygtady. Şunuň bilen bir hatarda ylym we innowasiýalar ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň uly ähmiýete eýedigi bellenildi. Şu gün gol çekilen bilelikdäki resminama şol hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge ýardam eder. Saglygy goraýyş ulgamyndaky özara gatnaşyklar hem möhüm ähmiýete eýedir. Ýokary derejedäki duşuşygyň jemleri boýunça gol çekilen degişli ikitaraplaýyn Ylalaşyk bu ulgamdaky netijeli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilendir.



Türkiýäniň Prezidenti aýdylanlar barada durup geçip, iki tarapyň hem hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça döwletara gatnaşyklaryny ösdürmek meýliniň we hoşniýetli syýasy erk-isleginiň bardygyny tassyklady.



Prezident Abdulla Gül 2011-nji ýylda türkmen halkynyň beýik senäni-Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyny baýram etjekdigini nygtap, bu dabaranyň Türkiýede hem giňden belleniljekdigini aýtdy. Biz şu şanly senä gabatlanyp Türkmenistanda geçiriljek çäreleriň ählisine höwes bilen gatnaşarys diýip, mertebeli myhman nygtady.



Türk lideri mähirli kabul edilendigi we myhmansöerligi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Baştutanyny we ýygnananlaryň ählisini mukaddes Gurban baýramy bilen gutlady hem-de doganlyk türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.



Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň hormatyna resmi nahar berdi. Şonda iki döwletiň Baştutanlary söz sözläp, türkmen we türk halklaryna bagtyýarlyk hem-de rowaçlyk arzuw etdiler we taraplaryň köp asyrlyk dostluk doganlyk gatnaşyklaryna ygrarlydyklaryny tassykladylar.



Dabaraly kabul edişlik tamamlanandan soň, iki ýurduň Liderleri mähirli hoşlaşdylar. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Abdulla Gül geçirilen gepleşikleriň netijelerine kanagatlanma bildirip, iki doganlyk halkyň adyna iň gowy arzuwlaryny aýtdylar we taraplaryň uzakmöhletleýinlik we özara bähbitlilik esasynda däbe öwrülen giň möçberli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga we ösdürmäge taýýardygyny ýene-de bir gezek nygtadylar.



Şol gün Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Abdulla Gül Türkmenistanda işleýän türk işewürler bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda Türkiýäniň işewürleriniň wekilleri geljegi uly türkmen bazarynda özleriniň bolmagyny giňeltmäge çalyşýandyklaryny aýtdylar. Netijeli hyzmatdaşlyk etmek üçin bolsa türkmen bazarynda ähli zerur şertler döredildi. Amatly maýa goýum ýagdaýy şol hyzmatdaşlygyň möhüm şerti bolup durýar.



Günüň ikinji ýarymynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Türkmenbaşy şäheriniň Halkara aeroportuna geldi we watanyna ugrady.





Yorumlar









Aktif Ziyaretçi 44
Dün Tekil 1455
Bugün Tekil 502
Toplam Tekil 4278902
IP 3.137.175.80






TURAN-SAM PRINTED ISSN: 1308-8041
TURAN-SAM ONLINE ISSN: 1309-4033
Journal is indexed by:





























22 Cemaziye'l-Evvel 1446
Kas m 2024
P
S
P
C
Ct
P
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30


Asil yetimler anadan babadan de il, ilim ve ahlaktan yoksun olanlard r. (HZ. AL )


Ekle kar









Anasayfa - Amaç - Hedefimiz - Mefkuremiz - Faaliyetler - Yönetim - Yasal Uyarı - İletişim

Her Hakkı Saklıdır © 2007 - 2023 TURAN-SAM : TURAN Stratejik Araştırmalar Merkezi
Sayfa 1.907 saniyede oluşturulmuştur.

TURAN-SAM rssTURAN-SAM rss
Google Sitemap

"Bu site en iyi mozilla firefox'ta 1280x960 çözünürlükte görüntülenir."

Turan Portal v1.3 | Tasarım TURAN-SAM , Kodlama Serkan Aygün

Turan Nedir?, Bilimsel Dergiler, En popüler Bilimsel Dergi, Endeksli Bilimsel Dergiler, Saygın Bilimsel Dergi, Türk Dünyasının en popüler ve en saygın Bilimsel Hakemli Dergisi, SSCI, SCI, citation index, Turan, Türk Devletleri, Türk Birligi, Türk Dünyası, Türk Cumhuriyetleri, Türki Cumhuriyetler, Özerk Türkler, Öztürkler, Milliyetçi, Türkçü, Turancı, Turan Askerleri, ALLAH'ın askerleri, Turan Birliği, Panturan, Pantürk, Panturkist, Türk, Dünyası, Stratejik, CSR, SAM, Center for Strategical Researches, Araştırma, Merkezi, Türkiye, Ankara, İstanbul, Azer, Azeri, Azerbaycan, Bakü, Kazakistan, Alma-Ata, Astana, Kırgız, Bişkek, Kırgızistan, Özbekistan, Özbek, Taşkent, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Aşxabad, Aşkabat, Ozbekistan, Kazakhstan, Uzbekistan, North, Cyprus, Kıbrıs, MHP, AKP, CHP, TURKEY, Turancılık, KKTC, Vatan, Ülke, Millet, Bayrak, Milliyet, Cumhuriyet, Respublika, Alparslan Türkeş, Atatürk, Elçibey, Bahçeli, Aytmatov, Bahtiyar Vahabzade, Yusuf Akçura, Zeki Velidi Togan, İsmail Gaspıralı, Gaspırinski, Nihal Atsız, Alptekin, Kürşad, Tarih, Kardeş, Xalq, Halk, Milletçi, Milliyetçi, Yürek, Ürek, Türklük, Beynelxalq, Arbitrli, Elmi, Jurnal, Nüfuzlu