Türkiýäniň Prezidentiniň Türkmenistana resmi saparyna - Azer HASRET - TURAN-SAM : TURAN Stratejik Ara?t?rmalar Merkezi - http://www.turansam.org









Türkiýäniň Prezidentiniň Türkmenistana resmi saparyna - Azer HASRET
Tarih: 12.11.2010 > Kaç kez okundu? 4922

Paylaş


Türkmen-türk gatnaşyklary-köp asyrlyk dostluk we doganlyk gatnaşyklary



Aşgabat, TDH, 11.11.2010 – Şu gün Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Abdulla Gülüň Türkmenistana iki günlük resmi sapary başlanýar. Deňiz ýakasyndaky Türkmenbaşy şäherinde geçiriljek ýokary derejeli duşuşyk dostlukly ýurtlaryň ikisiniň hyzmatdaşlygynyň ýyl ýazgysyna täze aýdyň sahypany ýazmaga niýetlenendir.



Mälim bolşy ýaly, türkmen-türk gatnaşyklarynyň taryhy özüniň kökleri bilen asyrlaryň jümmüşinden gaýdýar. Hut ruhy taýdan ýakynlyk häzirki günde diňe taryhynyň we medeniýetiniň umumylygy bilen baglanyşykly doganlyk halklaryň gazanan iň beýik üstünligi bolmak bilen hem çäklenmän, eýsem häzirki wagtda açyklyk, özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda, milli ykdysadyýetleriň ägirt uly mümkinçiliklerini we üstünliklerini hasaba almak bilen guralýan netijeli döwletara gatnaşyklaryna hem möhüm itergi bolup hyzmat edýär.



Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan wagtyndan bäri geçen ýyllaryň dowamynda dürli döwletara, hökümetara we pudagara derejesindäki ylalaşyklaryň 100-den gowragyna gol çekildi. Özara bähbitli hyzmatdaşlygyň depginli ösdürilmegi üçin kadalaýyn-hukuk binýadynyň esaslaryny goýan şol resminamalara laýyklykda iki döwletiň ilçihanalary we konsullyklary açyldy, yzygiderli uçar gatnawlary ýola goýuldy, bilelikdäki iri taslamalar amala aşyrylýar, Türkmenistanda türk kompaniýalarynyň aýrybaşga kärhanalary, bölümleri we wekilhanalary açylýar, söwda-ykdysady gatnaşyklary berkidilýär.



2008-nji ýyldan bäri ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-türk topary işleýär, onuň şu ýylyň iýulynda Ankarada geçirilen soňky mejlisinde özara bähbitli gatnaşyklary, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda, oba hojalygynda, üstaşyr ulag gatnawlary, ylmy-tehniki we maýa goýum ulgamlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.



Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynda häzir Türkiýäniň üçünji orny eýeleýändigini bellemek bolar. 2010-njy ýylyň 9 aýynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende iki ýurduň arasynda haryt dolanyşygy 62,9 göterim ýokarlandy. Türkmenistan esasan dokma, ýangyç-energetika, himiýa, oba hojalyk pudaklarynyň önümlerini eksport edýär. Türkiýeden metal we metal önümleri, hojalyk harytlary, enjamlar, gurluşyk materiallary, elektrotehnika, himiýa we ýeňil senagatyň önümleri, azyk önümleri, ulag serişdeleri, derman serişdeleri getirilýär.



Türk firmalary öňden gelýän, wagtyň synagyndan geçen hyzmatdaşlar bolup durýarlar. Şolar bilen bilelikde işlemek arkaly Türkmenistanda bilelikdäki taslamalaryň birnäçesi, şol sanda dokma senagatynda, dürli senagat maksatly desgalaryň, ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlarynyň, lukmançylyk we medeni merkezleriň gurluşyklary amala aşyryldy we şeýle taslamalary durmuşa geçirmek dowam edýär. Şeýle kompaniýalaryň hatarynda—»Polimeks», «Engin Group Konsorsium S.A.», «Içkale Inşaat Limited Şirketi», «Kotam Enterpraýzis» we beýleki köp sanly kompaniýalar bar. Olar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny amala aşyrmaga işjeň gatnaşýarlar.



Bilelikdäki işiň esasy ugry syýahatçylygyň häzirki zaman infrastrukturasyny döretmekden ybaratdyr, ol «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagyny döretmegiň uly möçberli taslamasy arkaly özüniň okgunly ösüşine eýe boldy, oňa esasy türk firmalarynyň birnäçesi gatnaşýar. Baglaşylan ylalaşyklara laýyklykda, 2011-nji ýylda Türkmenistanda we Türkiýede milli Söwda öýlerini açmak meýilleşdirilýär.



Ýurtlaryň ikisi hem gumanitar hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýärler. Şeýlelikde, türkmen talyplary Türkiýäniň ýokary okuw mekdeplerinde okaýarlar, Türkmenistanda bolsa türkmen-türk mekdepleriniň birnäçesi, «Başkent» bilim merkezi, Halkara türkmen-türk uniwersiteti işleýär. Soňky ýyllarda iki ýurduň arasynda ylmy we medeni aragatnaşyklar mese-mälim berkleşdi. Türk alymlary Türkmenistanda geçirilýän ylmy maslahatlara we seminarlara yzygiderli gatnaşýarlar, Medeniýet günleriniň we doganlyk halklarynyň ikisini has ýakynlaşdyrmaga ýardam edýän dürli sergileriň geçirilmegi asylly däbe öwrüldi.



Ýokary derejede geçiriljek gepleşikler mahalynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Abdulla Gül özara gyzyklanma bildirilýän meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşarlar, depginli, sazlaşykly häsiýete eýe bolan uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň täze ileri tutulýan ugurlaryny bellärler diýlip garaşylýar. Saparyň çäklerinde belent mertebeli myhman «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň ajaýyp ýerleri we Hazaryň ýakasynda döredilýän dünýä derejeli şypahanany ösdürmegiň geljegi bilen tanşar.



Umuman, bu duşuşyklaryň netijeleri Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň berkidilmegine ýardam eder we ähli ugurlar boýunça döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge täze kuwwatly itergi berer diýip, uly ynam bilen aýtmak bolar.





Yorumlar









Aktif Ziyaretçi 16
Dün Tekil 856
Bugün Tekil 652
Toplam Tekil 4293412
IP 18.97.9.173






TURAN-SAM PRINTED ISSN: 1308-8041
TURAN-SAM ONLINE ISSN: 1309-4033
Journal is indexed by:





























11 Cemaziye'l-Ahir 1446
Aral k 2024
P
S
P
C
Ct
P
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31


Benden e erimi isteyin vereyim, at m isteyin vereyim, ad r m isteyin vereyim, fakat, Vatan mdan hi kimse bir kar toprak istemesin, vermem.
(Mete)


Ekle kar









Anasayfa - Amaç - Hedefimiz - Mefkuremiz - Faaliyetler - Yönetim - Yasal Uyarı - İletişim

Her Hakkı Saklıdır © 2007 - 2023 TURAN-SAM : TURAN Stratejik Araştırmalar Merkezi
Sayfa 1.215 saniyede oluşturulmuştur.

TURAN-SAM rssTURAN-SAM rss
Google Sitemap

"Bu site en iyi mozilla firefox'ta 1280x960 çözünürlükte görüntülenir."

Turan Portal v1.3 | Tasarım TURAN-SAM , Kodlama Serkan Aygün

Turan Nedir?, Bilimsel Dergiler, En popüler Bilimsel Dergi, Endeksli Bilimsel Dergiler, Saygın Bilimsel Dergi, Türk Dünyasının en popüler ve en saygın Bilimsel Hakemli Dergisi, SSCI, SCI, citation index, Turan, Türk Devletleri, Türk Birligi, Türk Dünyası, Türk Cumhuriyetleri, Türki Cumhuriyetler, Özerk Türkler, Öztürkler, Milliyetçi, Türkçü, Turancı, Turan Askerleri, ALLAH'ın askerleri, Turan Birliği, Panturan, Pantürk, Panturkist, Türk, Dünyası, Stratejik, CSR, SAM, Center for Strategical Researches, Araştırma, Merkezi, Türkiye, Ankara, İstanbul, Azer, Azeri, Azerbaycan, Bakü, Kazakistan, Alma-Ata, Astana, Kırgız, Bişkek, Kırgızistan, Özbekistan, Özbek, Taşkent, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Aşxabad, Aşkabat, Ozbekistan, Kazakhstan, Uzbekistan, North, Cyprus, Kıbrıs, MHP, AKP, CHP, TURKEY, Turancılık, KKTC, Vatan, Ülke, Millet, Bayrak, Milliyet, Cumhuriyet, Respublika, Alparslan Türkeş, Atatürk, Elçibey, Bahçeli, Aytmatov, Bahtiyar Vahabzade, Yusuf Akçura, Zeki Velidi Togan, İsmail Gaspıralı, Gaspırinski, Nihal Atsız, Alptekin, Kürşad, Tarih, Kardeş, Xalq, Halk, Milletçi, Milliyetçi, Yürek, Ürek, Türklük, Beynelxalq, Arbitrli, Elmi, Jurnal, Nüfuzlu