14-nji Türk dünýäsi ýaşlar günleri we kurultaýy - Türk Birlik - TURAN-SAM : TURAN Stratejik Ara?t?rmalar Merkezi - http://www.turansam.org









14-nji Türk dünýäsi ýaşlar günleri we kurultaýy - Türk Birlik
Tarih: 23.09.2009 > Kaç kez okundu? 4615

Paylaş


Gepleşigimiziń bu günki sanynda ilkinji habarymyz 14-nji Türk dünýäsi ýaşlar günleri we gurultaýy bilen baglanşykly. 14-nji Türk dünýäsi ýaşlar günleri we gurultaýy Ukraina tabyn bolan Krym Awtonom Respublikasynyń Ýalta şäherinde geçirildi. Türk ojaklary we Bütindünýä Türk ýaşlar bileleşiginiń hemaýatkärliginde geçirlen gurultaýa türk döwlet we jemgyýetlerinden 62 guramadan 200-den gowrak delegat gatnaşdy.







Awgust aýynyń 10-y bilen 14-i arasynda geçirlen gurultaýyń çäginde Türk dünýäsiniń ýaş ýazarlar bileleşigi bilen Türk dünýäsiniń žurnalistler bileleşiginiń kongresleri hem geçirildi. Ýaş ýazyjylaryń we žurnalistleriń başdan geçirýän kynçylyklary barada pikir alyşylan kongresde çykyş eden Bütindünýä Türk ýaşlar bileleşiginiń başlygy we Azerbaýjanly halk wekil Ekrem Abdullaýew, bileleşigiń 10-njy ýaşyny gutlaýandygyny ýatlatdy.



Gurultaýyń çäginde, gurultaýa gatnaşýan delegatlaryń we ýerli halk wekilleriniń gatnaşmagynda Krym tatar milli mejlisinden şäheriń esasy meýdançasyna çenli Türk dünýäsi ýörişi guraldy. Delegatlar Krym söweşinde şehit bolan 34 münden gowrak türk esgeriniń hormatyna gurlan Akýar şehitligine hem baryp gördi. Delegatlar, türk-yslam dünýäsiniń ähmiýetli şahsyýetlerinden biri bolan, Türk dünýäsiniń bütewiligini we jebisligini goldan we “Dilde, pikirde, işde birlik” şygaryny türk dünýäsine gazandyran Ysmail Gaspyralynyń gubyr ýädigärligine hem baryp gördi. Türk ýaşlarynyń wekilleri mundan başgada Akmesjitde ýagny Simferepolda ýerleşýän Krym Tatat milli müzeýine baryp gördi. Krym tatar milli mejlisiniń başlygy Mustafa Abdüljemil Krymogly 14-nji Türk dünýäsi ýaşlar günleri we gurultaýyna gatnaşýanlaryń hormatyna agşam naharyny berdi.



Gurultaý Ýalta jarnamasynyń çap edilmegi bilen öz işini tamamlady. Jarnamada, Hytaýyń Sinjan Uýgur awtonom sebitinde 5-nji iýulda başdan geçirlen wakalar berk ýazgaryldy, Hytaý hökümetinden alyp barýan “gyrgynçylyk syýasatyndan” we assimilýasiýa syýasatyndan ýüz öwürmegi, uýgurlara edilýän basyşyń we tussag edilşikleriń togtadylmagy , wakalarda ölen we ýaralanan tussaglylaryń anyk sanynyń anyklanmagy islendi. Halklaryń öz ykbalyny kesgitlemek hukugynyń bardygy beýan edilen jarnamada, Ukraina hökümetiniń kanunlaryń çäginde Krym tatarlarynyń resmi statusynyń kesgitlenmegi we atlary üýtgedilen Krym tatar ýaşaýyş ýerlerine öńki atlarynyń dakylmagy talap edildi. Jarnamada Gürjistandan ahyska ýagny mesheti türkleriniń ýerlerine gaýdyp gelmegi barada kanuny durmuşa geçirmegi islendi. Jarnamada mundan başgada Krym atar milli mejlisiniń başlygy Mustafa Abdüljemil Krymoglynyń Nobel parahatçylyk baýragyna dalaşgär görkezilmeginiń gerekdigi ýatladyldy.



3-nji Çikago Türk dünýäsi festiwaly, Türkiýäniń, Gyrgyzystanyń, Türkmenistanyń, Gazagystanyń, Azerbaýjanyń, Bosniýa Gersogowinanyń, Makedoniýanyń we Özbegistanyń gatnaşmagynda Çikagoda geçirildi. Festiwal Çikago Türk-Amerikan jemgyýeti, Niagara Medeniýetara Diýalog gaznasy bilen Çikago Türk-Amerikan söwda palatasy tarapyndan guraldy. Çikagonyń golaýynda ýaşaýan Türkiýäniń, Azerbaýjanyń, Özbegistanyń, Gazagystanyń, Türkmenistanyń, Bosniýa Gersogowinanyń, Makedoniýanyń we mezheti türleriniń wekilleri bu festiwal üçin birlikde işleşdi. Awgust aýynyń 15-16-sy arasynda geçirlen festiwal Senagat we söwda ministri Nihat Ergün bilen, festiwalyń guramaçylyga gatnaşan Çikagodaky Türk, Balkan we Orta Aziýada jemgyýetleriniń wekilleri tarapyndan açyldy. Senagat we söwda ministri Nihat Errgün, festiwalyń açylyş dabarasynda eden çykyşynda, “Şu gün 3-njisi guralýan Türk dünýäsi festiwalynyń ABŞ-da, Çikagoda jemgyýetçilik durmuşy nähili öwüşginli ýagdaýa getirendigini we jemgyýetleriń arasynda arkalaşygy, jebisligi we hyzmatdaşlygy görkezýändigine buýsanç bilen tomaşa edýäris” diýdi. Festiwalyń çäginde Türkiýäniń Malatýa, Diýarbakyr, Mardin, Stambul, Koniýa, Bilejik we Giresun welaýatlarynyń tanadylyş dabaralary guraldy. Festiwalda Malatýanyń erigi, Giresunyń fundugy hem amerikalylara hödür edildi. Bilejigiń gubernatorlygy tarapyndan osmanly we gyrgyz çadyrlary dikildi.



Sońky habarymyz Gazagystandan gelip gowuşdy. Gazagystanda Milli bilim ministrligi, kabul eden karary bilen ýurtdaky mekdeplerde dini bilimi mejbury ýagdaýa getirdi. Milli bilim ministrligi, sowet döwründe ateizmiń ýurduń resmi idealogiýasy ýagdaýyna çenli gelip ýetmeginden soń geljek ýyldan başlap mekdeplerde din dersiniń mejbury ýagdaýa getirilmegi bilen baglanşykly karar kabul etdi.



Gazagystanyń ilaty 16 milliona golaý. İlatyń 65 göterimini musulmanlar, 30 göterimini hrystyýanlar we galan 5 göterimlik bölümini beýleki dinler emele getirýär. Gazagystanyń döwletiń resmi dini ýok we 1995-nji ýylda kabul edilen kanstitutsiýada döwletiń dünýewi bolandygy we etniki toparlaryń deń hukukly bolandygy nygtalýar







Bulak



http://www.trtturkmen.com/trtinternational/tu/newsDetail.aspx?HaberKodu=d0e9c196-0409-4de4-807e-dbc1162d4062

Last Updated ( Cumartesi, 19 Eylül 2009 05:57 )



KAYNAK: http://turkbirlik.gen.tr/lang-tr/Haberler/69-turkmenistan-habarlar/914-14-nji-turk-dunyasi-yaslar-gunleri-we-kurultayy.html





Yorumlar









Aktif Ziyaretçi 34
Dün Tekil 1349
Bugün Tekil 1090
Toplam Tekil 4074366
IP 18.220.106.241






TURAN-SAM PRINTED ISSN: 1308-8041
TURAN-SAM ONLINE ISSN: 1309-4033
Journal is indexed by:





























15 Sevval 1445
Nisan 2024
P
S
P
C
Ct
P
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30


Asil yetimler anadan babadan de il, ilim ve ahlaktan yoksun olanlard r. (HZ. AL )


Ekle kar









Anasayfa - Amaç - Hedefimiz - Mefkuremiz - Faaliyetler - Yönetim - Yasal Uyarı - İletişim

Her Hakkı Saklıdır © 2007 - 2023 TURAN-SAM : TURAN Stratejik Araştırmalar Merkezi
Sayfa 1.215 saniyede oluşturulmuştur.

TURAN-SAM rssTURAN-SAM rss
Google Sitemap

"Bu site en iyi mozilla firefox'ta 1280x960 çözünürlükte görüntülenir."

Turan Portal v1.3 | Tasarım TURAN-SAM , Kodlama Serkan Aygün

Turan Nedir?, Bilimsel Dergiler, En popüler Bilimsel Dergi, Endeksli Bilimsel Dergiler, Saygın Bilimsel Dergi, Türk Dünyasının en popüler ve en saygın Bilimsel Hakemli Dergisi, SSCI, SCI, citation index, Turan, Türk Devletleri, Türk Birligi, Türk Dünyası, Türk Cumhuriyetleri, Türki Cumhuriyetler, Özerk Türkler, Öztürkler, Milliyetçi, Türkçü, Turancı, Turan Askerleri, ALLAH'ın askerleri, Turan Birliği, Panturan, Pantürk, Panturkist, Türk, Dünyası, Stratejik, CSR, SAM, Center for Strategical Researches, Araştırma, Merkezi, Türkiye, Ankara, İstanbul, Azer, Azeri, Azerbaycan, Bakü, Kazakistan, Alma-Ata, Astana, Kırgız, Bişkek, Kırgızistan, Özbekistan, Özbek, Taşkent, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Aşxabad, Aşkabat, Ozbekistan, Kazakhstan, Uzbekistan, North, Cyprus, Kıbrıs, MHP, AKP, CHP, TURKEY, Turancılık, KKTC, Vatan, Ülke, Millet, Bayrak, Milliyet, Cumhuriyet, Respublika, Alparslan Türkeş, Atatürk, Elçibey, Bahçeli, Aytmatov, Bahtiyar Vahabzade, Yusuf Akçura, Zeki Velidi Togan, İsmail Gaspıralı, Gaspırinski, Nihal Atsız, Alptekin, Kürşad, Tarih, Kardeş, Xalq, Halk, Milletçi, Milliyetçi, Yürek, Ürek, Türklük, Beynelxalq, Arbitrli, Elmi, Jurnal, Nüfuzlu